OpenAI kompaniýasy Orion atly täze emeli aň (AI) modelini çykarmaga taýynlanýar, deslapky maglumatlara görä ol GPT-4-den 100 esse güýçli bolar. The Verge neşiriniň habary bu maglumatlary tassyklaýan birnäçe çeşmä salgylanýar. Ozalky relizlerden tapawutlylykda, Orion ilki diňe OpenAI bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolan kompaniýalar üçin elýeterli bolar. Bu bolsa kompaniýalara täze modeliň esasynda öz önümlerini we funksiýalaryny işläp düzmäge mümkinçilik berer. Täze neýroulgamyň o1 modelinden aýra boljakdygyny bellemek wajypdyr, ýöne geljekde işläp düzüjiler has ýokary netijelilik üçin dil modellerini birleşdirmegi maksat edinýärler. The Verge-iň berýän habaryna görä, OpenAI-yň möhüm hyzmatdaşy bolan Microsoft noýabr aýynda Orion-y öz Azure platformasyna birikidirip biler, esasy reliz bolsa dekabr aýyna meýilleşdirilýär. Şeýle-de bolsa, OpenAI-yň baş direktory Sem Altman X sosial ulgamynda neşiriň AI modeliniň ýakyn wagtda çykjakdygy baradaky habaryny ret edip, bu maglumatlary "gözegçilikden çykan galp habarlar" diýip atlandyrdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir