“Volkswagen” ýitgileri azaltmak boýunça çäreleriniň çäginde Germaniýadaky zawodlarynyň azyndan üçüsini ýapmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Focus” neşiri ýazýar. Kompaniýanyň iş geňeşiniň başlygy Daniel Kawallonyň sözlerine görä: "Direktorlar geňeşi Germaniýada azyndan üç sany VW zawodyny ýapmak isleýär". Bu karar Wolfsburgda geçirilen işgärler ýygnagynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Awtokonserniniň merkezi ştab-kwartirasy-da bu şäherde ýerleşýär diýip, gazet.ru habar berýär. Osnabrýukdaky “Volkswagen” zawodynyň ýapylmak howpy ýokarydyr, sebäbi ol ýakynda "Porsche" üçin önümçilik şertnamasyny ýitirdi. Netijede, on müňlerçe iş ýeriniň ýapylma howpy bar, mundan başga-da, kompaniýanyň bölümleriniň ep-esli bölegi ýatyrylyp ýa-da Germaniýanyň daşyna geçirilip bilner. “Volkswagen” sentýabr aýynda 30 ýyldan gowrak wagt hereket eden iş kepillendiriş ulgamyny tamamlady. Bu bolsa iş ýagdaýynyň sebäplerine görä, işgärleriň 2025-nji ýylyň ortalaryndan azaldylmagyna mümkinçilik döretdi.