27-nji oktýabrda Nýu-Ýorkdaky Waşington-skwer seýilgähinde aktýor Timoti Şalamä meňzeş adamlaryň bäsleşigi geçirildi. Ýüzlerçe muşdaklar bilen birlikde bu çärä aktýoryň özi-de geldi. Sentýabr aýynyň ahyrynda Nýu-Ýorkuň köçelerinde Timoti Şalameniň “taýlarynyň” bäsleşiginiň geçirilýändigi barada bildirişler peýda bolup başlady. Ýeňiş üçin 50 dollar wada berildi. Bu ýönekeý bir oýun ýaly görünse-de, ol ötegçileriň we internet ulanyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Bäsleşige gatnaşmak üçin QR kody skanirläp, hasaba alynmalydy. Şeýlelikde, bäsleşige gatnaşyjylar aktýoryň oýnan kino personažlarynyň kostýumlaryny geýdiler. Aýratynam, “Wonka” filminden Willi Wonkanyň, “Dýunadan” Pol Atreýdesiň kostýumlary meşhur boldy. Bäsleşik başlandan 30 minut töweregi soň, gatnaşyjylaryň arasyna hakyky Timoti Şalame-de goşuldy. Ol çärä beýsbolkada we gara maskada gelip, iki gatnaşyjynyň ýanyna duýsansyz bardy. Waka adamlaryň arasynda uly gyzgalaň döretdi. Bu bäsleşigiň ýeňijisi bolsa Willi Wonkanyň kostýumyny geýen 21 ýaşly Maýlz Mitçell boldy. Ol 50 dollar möçberde baýrak aldy. Belläp geçsek, häzirki wagtda Şalame “Marti Suprim” biografik filminiň surata düşürilişine gatnaşýar. Ol “Dýunanyň” trikwelinde-de peýda bolar, “Messiýanyň” önümçiligi 2025-nji ýylyň tomsunda başlar.