2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Tailandyň Hökümeti daşary ýurtlulara 300 bat (takmynan, 9 dollar) syýahatçylyk salgydyny girizmek baradaky teklibe sereder diýip, Syýahatçylyk we sport ministri Sorawong Thiýenthongyň sözlerine salgylanýan Bangkok Post gazeti habar berýär. Birinji tapgyrda töleg howa ýoly bilen gelýän syýahatçylardan alnar we soňra bolsa ýurda girýänleriň hemmesine degişli bolar. Bu proses azyndan alty aý dowam eder diýlip garaşylýar. Töleg etmeklik Günorta Koreýanyň K-ETA hasaba alyş ulgamyna meňzeş web sahypa ýa-da programma arkaly amala aşyrylar. 300 bat 60 bat (1,8 dollar) ätiýaçlandyryş tölegini öz içine almak bilen, 30 gün güýji bolar. Syýahatçylar üçin salgyt girizmek pikiri ilkinji gezek 2019-njy ýylyň maý aýynda peýda boldy, ýöne şol ýylyň sentýabr aýynda yza süýşürildi. Pandemiýadan soň töleg girizmek birnäçe gezek gaýra goýuldy. 2023-nji ýylda bu mesele parlament saýlawlaryndan soň gün tertibinden aýryldy, ýöne indi ýene örboýuna galdy. Tailand 2024-nji ýylda 36 million sany daşary ýurtly syýahatçyny garşy alar we syýahatçylykdan 1,8 trillion bat (54 milliard dollar) girdeji gazanar. 2023-nji ýylda Tailandyň syýahatçylyk pudagynyň umumy girdejisi 1,2 trillion bat (36 milliard dollar) boldy we ýurt 28 milliondan gowrak daşary ýurtly myhmany kabul etdi.