Ýandeks kuwwatly Pro neýroulgamyny we ýönekeýleşdirilen Lite wersiýany öz içine alýan dil modelleriniň täze nesli YandexGPT 4-üň işe girizilendigini habar berdi diýip, IXBT ýazýar. Işläp düzüjiler täze modelleriň jogaplaryň hili boýunça öňkülerden öňe geçýändigini we 60 sahypa tekst uzynlygyndaky soraglary işlemäge ukyplydygyny nygtaýarlar. YandexGPT 4 modelleri Yandex Cloud-da API arkaly eýýäm elýeterli, ýöne käbir funksiýalar synag režimindedir. Işläp düzüjileriň pikiriçe, Pro wersiýasy satuw seljermesi ýaly çylşyrymly meseleler üçin has netijeli, Lite bolsa jogap tizliginiň möhüm bolan ýagdaýlary üçin niýetlenendir. Geljekde YandexGPT 4-i “Alisadan” başlap, Ýandeks hyzmatlaryna birleşdirmek meýilleşdirilýär. Öňki nesil modeli bilen deňeşdirilende, YandexGPT 4 Pro 70% ýagdaýda jogaplaryň hiliniň gowulaşandygyny görkezýär, Lite wersiýasy bolsa öňki nesliň iň kuwwatly modeli bilen deňleşip bilýär. Bu kämilleşdirmeler optimizasiýa edilen okuw prosesiniň we neýroulgamlaryň “pikir ýöretmek” ukybynyň netijesinde mümkin boldy. Olar çylşyrymly meseleleri has ýönekeý ýumuşlara bölüp, olary pikir ýöretme zynjyryny emele getirip, ädimme-ädim çözýärler. Mundan başga-da, YandexGPT 4 beýleki programmalar üçin, meselem, uçara petek gözlemek üçin buýruklary döredip biler. Bu funksiýa ýakyn wagtda Yandex Cloud-da elýeterli bolar, bu hem işläp düzüjilere daşarky programmalar bilen gatnaşyk üçin täze modelleri ulanmaga mümkinçilik berer. Öň, biz Apple-iň hünärmenleri tarapyndan geçirilen ylmy gözlegiň emeli aň modelleriniň pikirlenmän, diňe pikir ýöretmä öýkünýändigini görkezendigini habar beripdik.