Tesla-nyň baş müdiri Ilon Mask kompaniýanyň sürüjisiz taksileri onlaýn sargyt etmek hyzmatyny hödürläp başlandygyny, ýöne häzirki wagtda hyzmaty diňe Tesla-nyň işgärleriniň ulanyp bilýändigini habar berdi. Sürüjisiz taksileriň köpçülikleýin önümçiligi ýene iki ýyldan başlap biler, ýöne Tesla eýýäm täze platformasyny synagdan geçirýär. “Aýlag sebitinde Tesla-nyň işgärleri üçin biziň taksi sargyt etmek hyzmatymyz bar. Siz programmany ulanyp, awtomobil sargyt edip bilersiňiz we ol sizi aýlag sebitiniň islendik nokadyna elter” – diýip, Mask aýtdy we kompaniýanyň ony indiki ýyl köpçülik üçin açmagy meýilleşdirýändigini belledi. Bu proses, ilkinji nobatda, sürüjisiz dolandyryşy synagdan geçirmek üçin ygtyýarnama talap etmeýän Tehasdan başlar. Şeýle-de, Tesla bu hyzmaty Kaliforniýada hödürlemegi meýilleşdirýär, ýöne munuň üçin goşmaça ygtyýarnamalaşdyryş gerek bolar. Kompaniýa geljekde bu hyzmaty hödürlemek üçin beýleki käbir ştatlary-da gözden geçirýär. Tesla heniz Kaliforniýada hakyky sürüjisiz synaglary geçirmek üçin ygtyýarnama almady. Kompaniýanyň elindäki ygtyýarnama diňe sürüjiniň salonda gözegçilik etmeginde synag geçirmäge mümkinçilik berýär. Diýmek, Tesla synaglar üçin bar bolan awtoparkyny ulanar, bu ýerde dolandyryş işine sürüjiler gözegçilik edýär. Mask ýolagçylaryň şahsy maglumatlarynyň taksi ulaglary bilen sinhronlanjakdygyny aýtdy. Bu ýolagçy gapyny açan badyna, awtomobilde multimedia, nawigasiýa we hatda kondisioner sazlamalarynyň elýeterli boljakdygyny aňladýar. Ýolagçylara awtomobili dolandyrmak üçin maglumat-güýmenje ekranyndan peýdalanmak gerek däl, bu funksiýalaryň ählisini gönüden-göni Tesla programmasyndan dolandyryp bolýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir