Qualcomm kompaniýasy täze bir kristally Snapdragon 8 Elite ulgamyny anons etdi. Ol Snapdragon 8 Gen 3-üň ornuny tutar. Bu çipset flagman Android smartfonlary üçin niýetlenýär we pudakda iň kuwwatlysy hökmünde görkezilýär. Sekiz ýadroly prosessor iki ýokary ýygylykly ýadrony (4,32 GGs) we alty öndürijilikli ýadrony (3,53 GGs çenli) öz içine alýar. Snapdragon 8 Elite 24 Mb göwrümli ikinji derejeli keşi we 5300 MGs ýygylykly LPDDR5X operatiw ýadyny ulanýar. Çip TSMC kompaniýasynyň 3-nm tehprosesi boýunça öndürilen. Qualcomm geçenki wersiýa bilen deňeşdirilende, öndürijiligiň 45% we energiýa tygşytlylygynyň bolsa 44% ýokarlanjakdygyny nygtaýar. Ardeno grafiki prosessory öndürijiligi 40% gowulandyrýar we energiýanyň sarp edilişini optimizasiýa edýär. Täzelenen Unreal Engine 5.3 hem goldanylýar. Snapdragon 8 Elite çibini ilkinji bolup aljak modeller: Xiaomi 15 we 15 Pro Snapdragon 8 Elite bilen üpjün ediljek ilkinji smartfonlar. Premýeranyň geljek hepde bolmagyna garaşylýar. Geekbench synaglary öňki bilen deňeşdirilende öndürijiligiň 50% ýokarlanandygyny görkezdi. iQOO 13 6,82 dýuým AMOLED displeýi, 6150 mA/sag batareýa, 120 Wt zarýad beriş goldawy we 50 MP üç kamera bilen enjamlaşdyryldy. One Plus 13 31-nji oktýabrda çykar. Smartfon 1 TB ýat we 6000 mA/sag batareýa alar. Honor Magic7 Tanyşdyrylyş dabarasy 31-nji oktýabrda bolar. Optiki zumy, ultrases skaneri we ýüzi tanamak ulgamyny öz içine alýar. Realme GT 7 Pro Premýera 2024-nji ýylyň noýabr aýynda bolar. Gurluş 6500 mA/sag batareýa, IP68 goragyna, dört kameraly bloga eýe bolar. Asus ROG Phone 9 Oýun flagmany 19-njy noýabrda çykar. Onuň iň kuwwatly oýun smartfony bolmagyna garaşylýar. Samsung Galaxy S25 Ultra Snapdragon 8 Elite-yň top-model üçin has kämilleşdirilen wersiýasy bilen 2025-nji ýylyň başynda hödürlenmegine garaşylýar.