Miçigan uniwersitetiniň (ABŞ) gözlegçileri internet we telekommunikasiýa ulgamlaryny düýpli özgerdip biljek doly optiki kommutator döretdiler. Bu barada Nature Communications žurnalynda gürrüň berildi. Enjam internet magistrallaryndaky päsgelçilikleri ýok edip, optiki süýümden iberilýän maglumatlary elektrik signallaryna öwürmek meselesini çözýär. Kommutator lazer şöhlesi bilen dolandyrylýan logiki wentil ýaly işleýär. Ol işledilen ýa-da öçürilen ýagdaýda bolup bilýär. Enjamyň esasynda bir molekula galyňlygy bolan wolframyň diselenidi – ýarymgeçiriji materialdan ýasalan optiki rezonator bar. Lazer ýarymgeçirijidäki gadagan edilen zolagyň inine täsir edýär, bu bolsa ýagtylygyň dykyzlygyny kommutator arkaly modulirlemäge mümkinçilik berýär. Gözlegiň esasy awtory, aspirant Linsýao Çžou bu enjamyň ähli optiki hasaplaýyş we optiki neýroulgamlaryna tarap ilkinji ädimdigini belleýär. Mundan başga-da, synaglaryň dowamynda 210 teslalyk psewdomagnit meýdanyny döredýän optiki Ştark täsiri ýüze çykaryldy. Bu açyş ylymda möhüm ähmiýete eýedir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir