Huawei täze HarmonyOS Next operasion ulgamyny resmi taýdan hödürledi. Ol Android-iň arhitekturasyna düýbünden garaşsyz diýip, Hytaýyň China Daily neşiri ýazýar. Bu eýýäm HarmonyOS-yň bäşinji wersiýasy. Huawei-iň ýerine ýetiriji direktory Ýuý Çendunyň sözlerine görä, OS Linux ýadrosyny we Android-iň başlangyç koduny ulanmazdan, noldan döredildi. Ulgamyň öz ýadrosy, programmirleme dili we emeli aň funksiýalary bar. HarmonyOS Next eýýäm 1 milliarddan gowrak enjamda işleýär we 15 müňden gowrak programmany goldaýar. Kompaniýanyň mälim etmegine görä, täze OS-yň öndürijiligi 30%, energiýa netijeliligi 20% ýokarlandy. Operasion ulgamyna suratlar we ses kömekçisi bilen işlemek mümkinçiligini giňeldýän Pang AI modeli hem goşuldy. HarmonyOS-yň esasy artykmaçlygy smartfonlar, awtoulaglar we beýleki “akylly” enjamlar ýaly dürli platformalaryň utgaşdyrylmagydyr. Huawei HarmonyOS Next-de işleýän iki enjamyň arasynda 1,2 Gb faýly bary-ýogy 8 sekuntda geçirip bolýar diýip tassyklaýar. Ulgam derejesinde enjamy goramaklygy Star Shield arhitekturasy üpjün edýär. HarmonyOS-yň ilkinji tolkuny Hytaýdaky Pura 70, Pocket 2 we MatePad Pro 11 (2024) modellerine täsir etdi diýip, GSMarena neşiri belleýär.