Ýewropa ýurtlarynda täze awtomobilleriň hasaba alynmagy sentýabr aýynda geçen ýyl bilen deňeşdirilende 4,2% pese gaçyp, 1,12 mln birlik boldy. Bu barada Ýewropanyň awtoöndürijiler assosiasiýasyna salgylanyp, Bloomberg habar berýär. Soňky gezek hasaba almalaryň sany 2022-nji ýylyň ortasynda yzygider birnäçe aý pese gaçdy. Ýewropa Aziýadan we ABŞ-dan soň dünýäde üçünji sebit awtomobil bazarydyr. Hünärmenleriň bellemegine görä, bazarda içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtomobilleriň satuwy azalýar. Elektromobilleriň satuwynyň ösüşi bolsa heniz onuň öwezini dolup bilmeýär. Aýratynam, täze awtomobilleriň satuwy Germaniýada, Fransiýada we Italiýada ep-esli azaldy. Beýik Britaniýada we Ispaniýada bolsa, tersine, birneme ýokarlandy. Ýeri gelende bellesek, käbir ýurtlarda geçen aýda elektromobil satuwynyň ösüşi diýseň ýokary boldy. Mysal üçin, ol Beýik Britaniýada 24%, Germaniýada 8,7% ýokarlandy. Umuman alanyňda, ýylyň başyndan bäri sebitde elektromobil satuwy 2023-nji ýylyň dokuz aýy bilen deňeşdirilende 2,6% azaldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir