Asly yrakly meşhur iňlis arhitektory Zaha Hadidiň binagärlik býurosy Özbegistanyň paýtagtynda guruljak Halkara ylmy-barlag merkezi üçin taslama hödürledi. Merkez Täze Daşkent etrabynda ýerleşip, şäheriň ösüş meýilnamasynyň bir bölegine öwrüler diýip, ArchDaily neşiri ýazýar. Binanyň meýdany 23 000 inedördül metr bolar we binanyň özi Alyşir Nowaýynyň adyny göterer. Merkezde gözleg meýdançalary, Döwlet edebiýat muzeýi, 400 orunlyk mekdep we leksiýa geçilýän ýer ýerleşer. Binanyň arhitekturasy Özbegistanyň däp bolan äheňlerine mahsus çyzyklary we häzirki zaman futuristik çözgütleri utgaşdyrar. Bu garyşyk usul 1980-nji ýylda öz binagärlik býurosyny esaslandyran Zaha Hadidiň (1950-2016) taslamalarynyň aglabasyna mahsusdyr. Bu futuristik binany özboluşly edýän zat gadymy sowadyş tehnologiýalarynyň ulanylmagydyr, ýagny bina köp ýyllaryň dowamynda bu sebitleriň ýaşaýjylarynyň öýlerinde howa aýlanyşygyny we sowadyşyny üpjün edýän badgirleriň - adaty ýel tutujy diňleriň gurluşyny ýada salýan “ýel tutýan” ulgam bilen üpjün ediler. Orta Aziýada we Ýakyn Gündogarda orta asyr binagärleri şuňa meňzeş tehnologiýa ýüzlenipdirler. “Merkeziň ýük göteriji diregleri Merkezi Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň halk arhitekturasynyň ýel diňlerinden ylham alýar. Olar ýeli tutup, sowadyjy howany binanyň içine gönükdirýärler. Iň yssy aýlarda ýelpewaçlar we desganyň içine aýlanmazdan ozal, howa suw pürküji ulgam bilen olaryň üsti ýetiriler "- diýip, Zaha Hadid Architects binagärlik edarasynyň habarynda aýdylýar. Mundan başga-da, badgiriň ýelsiz howada-da öz wezipesini ýerine ýetirýändigini bellemelidiris: olarda üýtgäp durýan temperatura emele gelýär - has ýeňil howa minaranyň ýokarky bölegindäki deşiklerden daşyna çykýar we birneme sowuk howa badgire aşakdan çekilip, otaglara ýaýrap ugraýar. Taslama gündiziň ýagtylygy düşer ýaly gözaralary öz içine alýar, şol bir wagtda öňe çykyp duran karnizler fasadlary we otaglary tomsuň yssysyndan gorar. Gyşda bolsa Gün şöhleleri içerik düşüp, içerini birneme ýyladar. Arhitektorlar bu çäreler işlemek we öwrenmek üçin amatly şertleri döreder diýip umyt edýärler, ýöne gurluşygyň başlanjak we tamamlanjak senesi entek yglan edilmedi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir