2024/2025 möwsümiň gyş döwri üçin Angliýanyň Premýer-ligasynda Nike amerikan sport brendiniň döreden täze topy ulanylar. Bu barada Liganyň metbugat gullugyna salgylanýan Versus habar berýär. "Gyşyň sowuk günlerinde ýylylyk getirýär" - diýlip, Premýer-liganyň X sosial torundaky ýazgysynda aýdylýar. Täze modelde gülgüne we benewşe bölekleri bolan reňkli açyk sary bezeg bar. Nike Flight diýlip atlandyrylýan top kämilleşdirilen häsiýetleri bilen tapawutlanýar - galyplaşdyrylan joýajyklary has durnukly uçuşy üpjün edýär, All Conditions Control tehnologiýasy bolsa çygly we gurak howa şertlerinde topa çylşyrymly teksturany goşýar. Häzirki wagtda “Liwerpul” sekiz tapgyrdan soň 21 utuk bilen Premýer-ligada öňdeligi eýeleýär. “Mançester Siti” 20 utuk bilen ikinji ýerde durýar. Ilkinji üçlügi 17 utuk bilen Londonyň “Arsenaly” jemleýär. Jedweliň iň aşagyndaky toparlar – “Wulwerhempton” (1 utuk), “Sautgempton” (1 utuk) we “Kristal Pelas” (3 utuk).

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir