Bentley kompaniýasy awtoulag pudagynda birnäçe jedelleri döreden futuristik drony patentledi. Käbir bilermenler bu hereketi batyrgaý täzelik diýip atlandyrsalar, beýlekiler munuň peýdalydygyna şübhelenýärler diýip, Tork.buzz habar berýär. Bentley-iň wekilleriniň sözlerine görä, ösüşiň maksady täze tehnologiýalary we ykjamlyk mümkinçiliklerini öwrenmek. Dört sany kiçijik propeller bilen enjamlaşdyrylan dron kapotyň aşagyndaky ýörite bölümden uçurylar we howa göterilenden soň, Bentley-ni sürmegi has amatly we ygtybarly edip, dürli işleri ýerine ýetirip biler. “Aýdaly, siz ýol dykynynda galyp, ondan çykmak üçin başga ugur gözleýäňiz. Ýa-da ondanam beteri, söwda merkeziniň haýsy ýerinde ulagyňyzy goýanyňyz ýadyňyza düşenok diýeli. Bu kiçijik dron öňe uçup gidip, awtoulag duralgasyndan boş ýeri tapyp biler, awtoulagyňyza tarap ugrukdyryp ýa-da heläkçilige uçrasaňyz gyssagly kömek hyzmatlaryna duýduryş iberip biler "- diýip, brendiň wekilleri mälim etdiler . Dron gaty ýokardan uçup bilýär, ol awtonom dolandyryş we nawigasiýa ulgamlary, daşky gurşaw barada maglumatlary ýygnamak üçin kameralar we datçikler bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu tehnologiýalar geljekki Bentley awtoulaglarynda ulanyp boljak täze materiallary barlamak üçin ulanylyp bilner. Dron diňe bir awtoulag pudagynda däl, eýsem logistika we howpsuzlyk ulgamlarynda hem ulanylyp bilner diýip garaşylýar. Mysal üçin, ony ownuk ýük daşamakda ýa-da ýol howpsuzlygyny üpjün etmekde ulanylyp bilner.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir