“Mançester Siti” Angliýanyň Premýer-ligasynda yzygider 31-nji oýunda utulman, klub rekordyny goýdy. Bu üstünligi klub “Wulwerhemptona” garşy oýunda 2:1 hasabynda utmak bilen gazandy. Ýeňijileriň düzüminden Ýoşko Gwardiol we Jon Stounz gol geçirdi. “Wulwerhemptonyň” düzüminden Ýorgen Strann Larsen tapawutlandy. Ýeňiş goluny “Mançester Siti” oýnuň ikinji ýarymyna goşulan goşmaça wagtda saldy (90+5). Angliýanyň çempionatynyň ýaryş jedwelinde “Mançester Siti” 20 utuk bilen ikinji orny eýeleýär. Birinji orna “Çelsini” utup, 21 utuk gazanan “Liwerpul” çykdy. “Enfilddäki” bu duşuşyk 2:1 hasabynda tamamlandy. “Liwerpulyň” düzüminden Mohamed Salah we Kertis Jons gol geçirdi. “Çelsiden” bolsa Nikolas Jekson gol saldy. Topar 14 utuk bilen altynjy orunda barýar. Üçünji orny 17 utuk bilen “Arsenal” eýeleýär. “Mançester Siti” Angliýanyň çempionatynyň indiki tapgyr oýnunda “Sautgempton” bilen oýnar, duşuşyk 26-njy oktýabrda geçiriler. Toparlar Aşgabat wagty bilen 19:00-da meýdança çykar. “Wulwerhempton” myhmançylykda “Braýton” bilen duşuşar. Oýun 26-njy oktýabrda geçirilip, Aşgabat wagty bilen 19:00-da başlar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir