Hytaýyň Unitree kompaniýasy özüniň G1 gumanoid robotynyň täze gazanan üstünligini mälim etdi. Ol özüne meňzeş maşynlaryň arasynda uzynlygyna bökmek boýunça dünýä rekordyny goýdy. Robot duran ýerinden 1,4 metr uzynlygyna bökmegi başardy, bu häzirki wagta çenli gumanoid robot üçin iň uzyn böküşdir. Boýy 1,32 metr bolan G1 öz kategoriýasy üçin täsin fiziki ukyplary görkezýär. Üstünligine garamazdan, onuň netijesi henizem adamyň gazananlaryndan yzdadyr, adamlaryň arasynda duran ýeriňden bökmek boýunça dünýä rekordy 3,73 metr bolup, ol amerikaly Baýron Jons tarapyndan 2015-nji ýylda goýuldy. Işläp düzüjiler bökmezden ozal türgenleşýärkä çeýeligini we hereketliligini görkezýän G1-iň wideosyny görkezdiler. 23-den 43 dereje erkinlik aralygy we sekuntda 2 metre çenli hereket etmek tizligi bolan bogunlarynyň kömegi bilen robot ýokary derejede hereket edýär. Mundan başga-da, robot iki sagada çenli işlemegi üpjün edýän 9000 mAh akkumulýator bilen üpjün edilendir. G1-iň bahasy 16 000 dollar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir