Boeing kompaniýasynyň täze baş müdiri Kelli Ortberg uçar önümçiligini azaltmagyň hasabyna kompaniýadaky çökgünligi togtatmak kararyna geldi diýip, The Wall Street Journal ýazýar. Neşiriň maglumatlaryna görä, Boeing ikinji derejeli ýa-da netijesiz aktiwlerini satmak mümkinçiligini-de öwrenýär. Boeing-iň Wirjiniýadaky ştab-kwartirasynda geçirilen duşuşykda kompaniýanyň ýolbaşçylygy her bölümçäniň ýagdaýyny öwrenip, şeýle ädimleri gözden geçirdi. WSJ-niň habar bermegine görä, geçen hepde kompaniýa hatda uly bolmadyk gorag golçur kärhanasyny satmak barada ylalaşyk gazandy. Neşir Boeing-däki meseleleriň tutuş pudaga täsir edýändigini belleýär. Sentýabr aýynda kompaniýa 737, 767 we 777 uçarlaryna sargytlaryň azaldylmagy barada hem duýdurdy. Oktýabr aýynda bolsa Ortberg kompaniýanyň ştatyny 10% azaltmak meýilnamalary barada aýtdy, bu, takmynan, 17 000 iş ornunynyň aýrylmagyny aňladýar. Bu çözgüt çykdajylary azaltmak we uçar önümçiliginde netijeliligi ýokarlandyrmak maksady bilen kompaniýany üýtgedip gurmaga gönükdirilendir, çünki soňky döwürde bu proses köp sanly gijikdirmeler bilen ýüzbe-ýüz boldy. Şeýle-de, awiagurluşyk kompaniýasy 19-njy oktýabrda International Association of Machinists and Aerospace Workers (Aerokosmos pudagynyň Halkara maşinistler we işçiler assosiasiýasy) kärdeşler arkalaşygynyň agzalary bilen deslapky ylalaşygy gazandy. Boeing işgärleriň zähmet hakyny 40% ýokarlandyrmak talabyna 25% ýokarlandyrmak teklibini öňe sürdi. Netijede, öndüriji geljek dört ýylyň dowamynda 35% möçberde goşmaça tölegi wada berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir