Braziliýanyň milli ýygyndysynyň we Saud Arabystanynyň “Al-Hilýal” toparynyň hüjümçisi Neýmar şikes alandan bir ýyl soň ýene-de futbol meýdançasyna gaýdyp geldi. Ol Aziýanyň Çempionlar ligasynyň üçünji tapgyrynyň oýnunyň çäklerinde BAE-niň “Al-Aýny” bilen oýunda 77-nji minutda oýna girdi. “Al-Hilýal 5:4 hasabynda “Al-Aýny” ýeňdi. Neymar netijeli hereketleri görkezmedi. Neýmar 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda şikes alypdy. Hüjümçi 2026-njy ýylda Urugwaý bilen geçirilen Dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynda öňki bognuň we kekirdewüginiň üzülmeginden şikes aldy. 32 ýaşly Neýmar geçen ýylyň awgust aýynda “Al-Hilýala” goşulypdy. Ondan öň 2017-nji ýyldan bäri “PSŽ-de" oýnap gelýärdi. Ol Ispaniýanyň “Barselonasyndan" fransuz klubuna dünýä futboly üçin rekord bolan 222 million ýewro geçipdi, futbolçy “PSŽ” bilen bilelikde bäş gezek Fransiýanyň çempiony we dört gezek ýurduň Superkubogynda ýeňiji boldy, üç gezek Fransiýanyň kubogyny we iki gezek Fransiýanyň ligasynyň kubogyny aldy. “Barselonanyň” düzüminde futbolçy iki gezek Ispaniýanyň çempionatynda, üç gezek milli kubokda, Çempionlar ligasynyň, UEFA-nyň Superkubogynyň we klublaýyn dünýä çempionatynyň hersinde bir gezekden ýeňiji boldy. Braziliýanyň “Santosy” Neýmaryň ilkinji kluby boldy, onuň düzüminde futbolçy Braziliýanyň kubogyny we Libertadoresyň kubogyny gazandy. Braziliýanyň milli ýygyndysynyň taryhynda iň köp gol geçiren Neýmar (jemi 79 gol) milli ýygyndy üçin 128 oýna gatnaşdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir