Turkish Airlines Aşgabat-Stambul ugry boýunça awiagatnawlaryna arzanlaşyklary yglan etdi. 2024-nji ýylyň noýabryndan 2025-nji ýylyň apreli aralygynda türk awiakompaniýasy iki tarapa hepdede 11 gatnawy amala aşyrar diýip, Orient habar berýär. Arzanlaşyklar ekonom-klasa bolşy ýaly, biznes-klasa hem degişlidir. Arzanladylan nyrhnamalar: Ekonom-klas: Aşgabat – Stambul – Aşgabat: 500 dollar. Stambul – Aşgabat – Stambul: 720 dollar. Aşgabat-Stambul bir tarapynyň bahasy 302 dollar, Stambul – Aşgabat: 388 dollar. Biznes-klas: Gidiş-gaýdyş biletiň bahasy 1250 dollar. Awiabiletleri Turkish Airlines-iň "Ussat" işewürlik merkezinde ýerleşen edara binasyndan satyn alyp bolýar. Salgysy: Aşgabat ş., G.Kuliýew köçesi (Obýezdnoý, 2127), 39-1. Goşmaça maglumat we bron meseleleri boýunça şu telefonlara jaň edip bolar: +99361 014433; +99312 751157.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir