Samsung Fransiýada Galaxy A16 5G we Galaxy A16 4G smartfonlaryny hödürledi. Bulardan birinjisi ýakynda görkezilipdi, ikinjisiniň resmi premýerasy bolsa indi geçirildi. Smartfon bahalary heniz belli däl, ýöne öň Galaxy A16 4G-niň 5G goldawly wersiýadan, takmynan, 30 ýewro arzan boljakdygy habar berildi. Gurluşlaryň ikisi-de 6 ýylyň dowamynda täzelener, bu hem Galaxy A16 4G-ni koreý kompaniýasynyň häzirki wagtda şeýle dowamly programma goldawyny alýan iň elýeterli modeline öwürýär. Smartfon diagonaly 6,7 dýuým, durulygy Full HD+ we kadr ýygylygy 90 Gs bolan AMOLED ekranyna eýe boldy. Smartfonda SoC MediaTek Helio G99 prosessory, 4 GB operatiw ýat we 128 GB fleş-ýat ulanylýar. Akkumulýator sygymy 5000 mA/sag barabar, ol 25 Wt kuwwatly zarýad berşi goldaýar. Frontal kamera 13 Mp, esasy kameralar toplumy 50, 5 we 2 Mp datçiklerden ybarat. Şeýle-de, IP54 goragy, Wi-Fi 5, Bluetooth 5.3, NFC, USB Type-C porty we nauşnikler üçin adaty ýer bar. Galaxy A16 Android 14-üň esasynda One UI 6.1-iň dolandyrmagynda işleýär. Ol noýabr aýynda satuwa çykar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir