Chery kompaniýasy Hytaýyň Anhoý welaýatynda geçirilen Chery 2024 global innowasiýa konferensiýasynda özüniň Land and Air Vehicle atly uçýan awtomobilini hödürledi. Kompaniýanyň bu ulag serişdesi häzir hem işläp taýýarlama tapgyryndadyr. Ýöne ol şonda-da 80 km synag uçuşyny üstünlikli ýerine ýetirdi diýip, kompaniýa habar berdi. Bu gibrid uçýan awtomobiliň ruly, gaz pedaly ýok we ol üç bölekden: uçýan bölekden, intellektual kabinadan we şassiden ybarat. Uçýan awtomobil awtonom uçuş režimi bilen ýerüsti hereket režiminiň arasynda üýtgedilip bilner. Kompaniýa şäher ýerlerinde gysga aralyga uçuşlaryň dyknyşyklary azaltmaga mümkinçilik berýändigini nygtaýar. Uçuş režiminde awtomobil dik uçup we gonup bilýär. Bu awtomobil Chery S2ma-scalable intellectual Mars arhitekturasyna esaslanýar we iki adamy gatnatmak üçin niýetlenendir. Uçuş beýikligi 1000 metre barabar, iň ýokary tizlik bolsa 120 km/sag ýetýär, howadaky wagt, takmynan, 40 minut. Häzirki wagtda Xpeng, GAC, SAIC we Geely öz uçýan awtomobillerini üstünlikli görkezdiler. Uçýan awtomobilleriň häzirki ösüş tendensiýasyndan ugur alsaň, olaryň täjirleşdirilmegi, Hytaýda we beýleki käbir sebitlerde eýýäm işjeň ulanylýan sürüjisiz awtomobiller bilen bolşy ýaly, garaşylandan has çalt bolup biler.