London uniwersitet kollejiniň (UCL) hünärmenleri maglumatlary simsiz geçirmegiň tizligi boýunça täze rekord goýdular - sekuntda 938 gigabaýt (Gbit/sek). Bu görkeziji ýapon barlagçylarynyň (640 Gbit/s) gazanan iň ýokary derejesinden ep-esli ýokarydyr diýip, Lightwave Technology žurnalynda çap edilen barlagyň netijesinde aýdylýar. Deňeşdirmek üçin 5G ykjam aragatnaşykdaky geçiriş tizligi 20 Gbit/s, simsiz aragatnaşygyň täze Wi-Fi 7 standarty bolsa, takmynan, 40 Gbit / sek tizlik bilen maglumat alyş-çalşyny üpjün edýär. Mundan başga-da, gürrüň iki ýagdaýda-da iň ýokary tizlik hakda gidýär - gündelik durmuşda ol has pes. Agzalýan tizlikde 4K filmini bary-ýogy 0,12 sekuntda göçürip alyp bolar. Täze usul iki segmente bölünen 5-150 GGs ýygylyk diapazonyny ulanýar: aşaky diapazonda sanly-analog öwrüjiler (DAC), fotonik radio signal öwrüjileri bolsa ýokarky diapazonda işleýär. Bu aragatnaşyk kanalynyň ýokary geçirijilik ukybyny üpjün etdi. Bu tehnologiýa köpçülikleýin bazar üçin simsiz torlaryň tizligini ep-esli ýokarlandyryp bilse-de, simli aragatnaşyk ulgamlarynyň ornuny tutup bilmez. Optiki süýümli aragatnaşyk boýunça has ýokary maglumat geçiriş tizligi sekuntda 22,9 petabit bolup, UCL-iň häzirki gazananlaryndan müňlerçe esse ýokarydyr. Şeýle-de bolsa, iňlis alymlarynyň ösüşi ýakyn 3-5 ýylda sarp edijiler we önümçilik goşundylaryndaky aragatnaşygy gowulandyrmak üçin möhüm bolup biler.