Amerikaly Gretçen Uolş gysga suwda 100 m aralyga toplumlaýyn ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy. Wirjiniýa uniwersitetiniň Florida uniwersiteti bilen ýaryş duşuşygynda 21 ýaşly Uolş 55,98 sekunt netijäni görkezdi. Şeýlelikde, ol 2017-nji ýylyň awgust aýynda Berlindäki Dünýä kubogynda wengriýaly Katinka Hossunyň goýan rekordyny (56,51) täzeledi. Häzirki wagtda Uolş 100 metre batterflýaý usulda (uzyn suwda) ýüzmekde-de dünýä rekordynyň eýesidir. Ýakynda Parižde geçirilen Olimpiadada Uolş iki altyn we iki kümüş medal gazandy. Şeýle-de, onuň hasabynda 2023-nji ýylyň dünýä çempionatynyň altyn, kümüş we bürünç medallary bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir