Hearview startapy eşidiş kemçilikleri bolan adamlar üçin ilkinji akylly äýnegi hödürledi. Hearview Glasses diýlip atlandyrylýan enjam, sözleýşi tekste öwürýär we ony ulanyjynyň äýneginde görkezýär. ChatGPT-niň goldawy bilen sözleýşi tekste geçiriji ulgam 95% takyklyk bilen işleýär. Äýnek sözleýiş aýratynlyklaryna uýgunlaşyp, gürleýän adamyň duýgularyny tanap bilýär. Şeýle hem enjamda howp abanýan wagty ulanyja duýduryş bermek ýaly goşmaça peýdaly funksiýalar bar. Mysal üçin, gajet ýokary tizlikde gelýän ulagyň ýakynlaşandygyny habar berip bilýär. Hearview Glasses-iň agramy bary-ýogy 52 gram. Bu agram ony gündelik ulanmak üçin amatly edýär. Batareýanyň zarýady 7 sagat işlemek üçin niýetlenendir we enjama zarýad bermek üçin iOS-a we Android-a gabat gelýän ýörite programmanyň bolmagy zerurdyr. Enjamyň bahasy 800 dollar, şeýle hem AI funksiýalaryna birikdirilmek üçin aýda 79 dollar talap edilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir