"Toyota Gazoo Racing North America" kompaniýasy "SRO Motorsports Group America" bilen hyzmatdaşlykda täze model - Toyota GR Corolla TC-i hödürledi. Bu sportkar 2025-nji ýyldan başlap SRO TC America seriýasyna gatnaşmak üçin niýetlenen sport awtoulagy bolar diýip, Motor1 habar berýär GR Corolla TC-iň esasy aýratynlygy adaty merkezi diferensialy arkaly däl-de, ssepleniýa paketi arkaly yzky tekerlere güýç iberýän ähli tekeri hereketli ulgamdyr. Öň we yz oklarynda Torsen öz-özüni gulplama differensiallary oturdylan. Awtoulagda Bosch hereketlendirijisini dolandyrmagyň gaýtadan kalibrlenen ulgamy we täzeden sazlanan ABS ulgamy ulanylýar. Podweskanyň geometriýasy esasy Corollanyňky ýaly, üýtgewsiz galýar, ýöne sport wersiýasy sazlap bolýan JRi amortizatorlaryny we kämilleşdirilen Alcon tormozlaryny aldy. Öň tarapynda alty porşenli we yzky tarapda iki porşenli supporta oturdylýar. Salonynda alty nokatly howpsuzlyk kemerli we FIA tarapyndan tassyklanan howpsuzlyk karkasly OMP susak pisint sport oturgyçlary bar. Ruly Toyota Supra GT4-den alnan. GR Corolla TC Honda Civic Type R we BMW M2 ýaly modeller bilen bäsleşer. Sport awtoulagynyň bahasy entek yglan edilmedi, ýöne onuň 132 000 dollar bahasy bolan Toyota GR86-dan has gymmat bolmagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir