Argentinaly futbolçy Lionel Messi Boliwiýanyň toparyna garşy dünýä çempionatynyň saýlama oýnunda öz hasabyna het-trik ýazyp, milli ýygyndylaryň bombardirleriniň sanawynda arassa ikinji orna çykdy. Duşuşyk 6:0 hasabynda tamamlandy. Messi hasabynda milli topar üçin 109 gol bolan eýranly Ali Daeiden öňe geçdi. Indi Messiniň hasabynda 112 gol bar. Iň gowy bombardir portugaliýaly Kriştianu Ronaldu bolup, onuň hasabynda 133 gol bar. Şeýle-de, bu oýunda Messi Luis Suaresiň rekordyny täzeledi. Ol üç gol bilen bir hatarda iki assist etdi. Netijede, ol Günorta Amerikada DÇ-niň saýlama oýnunda bäş netijeli hereket eden ilkinji oýunçy boldy. 2011-nji ýylda urugwaýly Luis Suares Çili bilen oýunda dört netijeli hereket bilen tapawutlanypdy. 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynda Argentina Günorta Amerika zolagynda birinji orny eýeleýär. Indiki oýunda argentinalylar Paragwaý bilen duşuşar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir