Jeýms Bond hakyndaky filmlere gatnaşmagynyň 60 ýyllygy mynasybetli Britaniýanyň Aston Martin kompaniýasy DB12 kupesiniň aýratyn görnüşini hödürledi. Model Aston Martin DB12 Goldfinger Edition adyny aldy. Bond hakyndaky filmlerde peýda bolan ilkinji Aston Martin 1964-nji ýylda “Goldfinger” lentasynda 007 agentine berlen sowutlanan DB5 bolupdy. Şol filmde ýörite agentiň roluny Şon Konneri ýerine ýetirdi. Aston Martin-iň täjirçilik müdiri Marko Mattiaççiniň aýtmagyna görä, “Aston Martin bilen Jeýms Bond franşizasynyň arasyndaky gatnaşyk hemişe gymmatly bolar”. “Biziň üçin bu hyzmatdaşlygymyzyň altmyş ýyllygyny aýratyn bir usulda bellemek we Bonduň iň birinji – megerem, iň meşhur Aston Martin-ine hormaty görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir”. Tehniki taýdan Aston Martin DB12 Goldfinger Edition-yň adaty modelden tapawudy ýok – ol 500 kWt (680 at güýji) kuwwatly 4 litrlik M177 V8 biturbo hereketlendirijisi bilen üpjün edildi. Awtomobil 3,6 sekuntda tizligini 100 km/sag çenli artdyrýar, onuň iň ýokary tizligi 325 km/sag ýetýär. Goldfinger Edition özüniň üýtgeşik Silver Birch reňki we altyn çaýylan bezeg elementleri bilen tapawutlanýar. Awtomobilden başga-da, onuň eýelerine toplumda birnäçe üýtgeşik sowgat berler. Mysal üçin, olaryň arasynda “Goldfingerden” Furka geçelgesindäki kowgy epizody bilen 35 millimetrlik plýonkadan bölek bar. Şeýle awtomobilden jemi 60 birlik çykarylar.