ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça edarasynyň (NASA) alymlary 11 ýyllyk döwrüň çäklerinde Günüň iň ýokary işjeňlik döwrüniň başlanandygyny resmi taýdan tassykladylar. Bu barada kosmos agentliginiň saýtynda habar berilýär. Haçan-da Gün has işjeň bolanda, kosmiki howa hadysalary ýygy-ýygydan bolýar. Gün işjeňligi soňky aýlarda eýýäm polýar şöhlelenmeleriniň görünmegini güýçlendirip, hemralara we infrastruktura täsirini ýetirdi. “Günüň iň ýokary döwründe Gün tegmilleriniň sany, netijede Gün işjeňliginiň derejesi-de ýokarlanýar” – diýip, NASA-nyň ştab-kwartirasynda kosmos howasy maksatnamasynyň müdiri Jeými Feýwors belledi. Häzirki wagtda häzirki Gün döwrüniň iň güýçli partlamasy 3-nji oktýabrda bolup geçen X9.0 partlamasydyr. Günüň magnit işjeňligi, takmynan, 11 ýyllyk döwrüň içinde güýçlenip, gowşasa-da, 2019-njy ýylda başlanan häzirki 25-nji Gün döwri ondan gysga bolup biler. Bu Gün işjeňliginiň iň ýokary döwrüniň adatdakysyndan uzak dowam etjekdigini we 2026-njy ýyla çenli ýygy-ýygydan we güýçli magnit tupanlaryna getirjekdigini aňladýar. Bu hem öz gezeginde ýygy-ýygydan polýar şöhlelenmelerine sebäp bolup, aragatnaşyk ulgamlarynyň we beýleki tehnologiki infrastrukturanyň işinde bökdençlikleri ýüze çykaryp biler.