Volkswagen 2024-nji ýylda Pariž awtoulag salonynda geljek üçin meýilnamalaryny paýlaşyp, birnäçe täze modeli hödürledi. Esasy üns elektrik konseptlerine we täjirçilik ulaglaryna gönükdirilýär diýip, 32Cars.ru ýazýar. Volkswagen ID täze önümleriň esasylarynyň biri boldy. GTI – meşhur sport awtoulagynyň bütinleýin elektrik görnüşidir. Model MEB Entry platformasynda gurlup, öň priwod bilen enjamlaşdyrylandyr. Modelde radiator gözenegindäki gyzyl zolagy öz içine alýan GTI-niň asyl dizaýny saklanyp galýar. Esasy görnüşleriň ýene biri Tayron modeli boldy. Bäş we ýedi orunlyk konfigurasiýasyny saýlamak aýratynlygy bolan bu awtoulag maşgala gezelençleri üçin amatlydyr. Awtoulag Volkswagen hatarynda ölçegleri boýunça Touareg-den soň ikinji ýerde durýar. Şeýle hem awtoulag sergisine gelenler Ýewropaly dilerlerde sargyt üçin eýýäm elýeterli bolan täzelenen Volkswagen Tiguan krossowerini görüp bildiler. Onuň başlangyç bahasy 46 990 ýewro, bu Volkswagen Passat-dan 2000 ýewro arzandyr. Tiguan-yň esasy wersiýasy 130 at güýjüni öndürýän 1.5 eTSI ýumşak gibridi bilen enjamlaşdyrylandyr. 150 at güýjüni öndürýän wersiýasynyň bahasy 51 990 ýewro. Elektromobilleri halaýanlar üçin kompaniýa Tiguan-yň iki gibrid awtoulagyny hödürleýär. 204 we 272 at güýjüni öndürýän 1,5 eHybrid hereketlendirijisi bolan modeller 100 km çenli ýöreýiş ätiýaçlygyny hödürleýärler. Olaryň bahalary degişlilikde 50 990 ýewro we 55 990 ýewrodan başlaýar. Ýumşak gibridler 7 basgançakly DSG geçirijisi, plagin-gibridler bolsa 6 basgançakly DSG awtomatiki geçirijisi bilen üpjün edilendir. Mundan başga-da, ID elektrik Buzz we eCaravelle mikroawtobuslary hödürlendi.