Ilon Mask “Tesla Semi” elektrik ýük ulagynyň tapgyrlaýyn önümçilige goýberilenden soň, bütin dünýäde elýeterli boljakdygyny aýtdy diýip, IXBT ýazýar. Häzirki wagtda heniz 2019-njy ýylda önümçilige goýberilmegi meýilleşdirilen Tesla Semi, ahyrsoňy, tapgyrlaýyn önümçilige taýýarlanýar. Tesla-nyň eýýäm Newadaky Gigafactory zawodynyň töwereginde az möçberli önümçilik hatary bar, ýöne geljek ýyldan başlap Tesla Semi-ni köp mukdarda öndürmek üçin häzir onuň ýanynda ýene bir zawod gurulýar. 2025-nji ýylda önümçiligi artdyryp başlamak bilen, ahyrky netijede ony ýylda 50 000 ýük ulagyna ýetirmek maksat edilýär. Tesla Semi maksatnamasy ozal Demirgazyk Amerikanyň bazaryna niýetlenipdi, ýöne baş müdir Ilon Mask Tesla Semi-niň Ýewropadaky Gigafactory Berlin zawodynda hem öndürilip bilinjekdigini aýtdy. Geçen aý Tesla IAA-da tanyşdyrmak üçin awtomobili Ýewropa getirdi we bu ýerde ÝB-niň düzgünlerine laýyk gelýän az-kem üýtgedilen görnüşi görkezildi. Indi Mask meýilnamanyň ulag serişdesini “bütin dünýäde elýeterli etmekden” ybaratdygyny tassyklady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir