13-nji oktýabrda SpaceX kompaniýasy Aýa we Marsa uçmak üçin işlenilýän missiýalara niýetlenilýän iň uly Arş gämisi bolan "Starship Super Heavy 5-iň" bäşinji orbital synagyny üstünlikli tamamlady. Taryhy uçuş Günorta Tehasyň Starbase obýektinden amala aşyryldy. Bäşinji synag uçurylyş programmasy öňki ikisi bilen birmeňzeşdi: raketa Starship-iň prototipini suborbital traýektoriýa çykarmalydy we atmosfera girip, Awstraliýanyň kenarýakasynyň günbataryna, Hindi ummanynda suwa gonmalydy. Ýöne bu gezek Super Heavy-niň birinji basgançagy gaýdyp gelenden soň, SpaceX uçuş meýdançasynda gurlan iki sany äpet “eli bolan” Mechazilla hyzmat diňiniň kömegine daýanyp gonmalydy. Konstruksiýa basgançagy howada ýumşaklyk bilen gapyp almalydy, muny ol kompaniýanyň işgärleriniň şowhunly el çarpyşmalary astynda örän şowly amala aşyrdy. Şol bir wagtda, Starship-iň ýokarky basgançagy uçuşyny dowam etdirdi we kosmosyň çäginden geçdi. Gäminiň Ýeriň üstünden aňrybaş beýikligi 212 kilometre ýetdi. Uçurylandan 65 minut soň, Starship Hindi ummanynda üstünlikli gondy. Şeýle-de bolsa, gämini derrew ot aldy we partlady. Bu pursat SpaceX-iň kamerasy tarapyndan ýazga alyndy. Gaýtadan ulanylmaga niýetlenen raketa ulgamy “Starship” kosmiki gämiden we “Super Heavy” uçuryş ulagyndan ybaratdyr. Onuň boýy 120 metrden hem geçýär. Ol dünýäde gurlan beýleki raketalardan has beýikdir. “Super Heavy” göterijisi NASA-nyň Aýa uçmak üçin döredýän “Space Launch System” (SLS) agyr raketasyndan iki esse güýçlüdir.