“Jeýms Uebb” kosmos teleskopy suw buglary bilen doldurylan ilkinji ekzoplanetany tapyp, uly açyş etdi. Ýerden bary-ýogy 100 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän GJ 9827 d ekzoplanetasy 30%-den gowrak suw bugundan ybarat özboluşly atmosfera düzümi bilen alymlary haýran galdyrdy diýip, Space.com habar berýär. Alymlar atmosferasy “agyr” molekulalardan doýgun bolup biljek şeýle ekzoplanetalara öň hiç wagt duş gelmändiler. Şeýle-de bolsa, Ýer ýüzünde bize mälim bolan biologiki ýaşaýyş beýle şertlerde ýaşap bilmez - munuň üçin ol ýer aşa gyzgyn. GJ 9827 d 2017-nji ýylda “Kepler” teleskopy tarapyndan tapyldy. Ol ýyldyzyndan bary-ýogy 8,4 million km uzaklykda ýerleşýär - bu Ýerden Güne çenli aralygyň 6%-i. Bu ekzoplaneta planetamyzdan iki esse uludyr we üç esse gabaralydyr. Şeýle ekzoplanetlere subneptunlar diýilýär. GJ 9827 d-de bir ýyl Ýeriň alty gününden gowrak dowam edýär. 2023-nji ýylda “Habble” teleskopyndan geçirilen ilkinji gözegçilikler atmosferadaky suw buglarynyň ilkinji alamatlaryny ýüze çykardy, bu alymlaryň ünsüni özüne çekipdi. Şeýle-de bolsa, indi “Jeýms Uebb” spektral gurallaryny ulanmak bilen geçirilen jikme-jik gözleglerden soň, planetanyň suw buglaryna “gark bolup oturandygy” ýüze çykdy. Barlagyň awtorlaryndan biri Eşan Raul şeýle planetalaryň bize mälim biologiki durmuş üçin myhmansöýer däldigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, topar şeýle "bug dünýäleriniň" açylmagynyň kosmosymyzda adaty zat bolup biljekdigini we öňde başga-da köp açyşlaryň bardygyny öňe sürýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir