Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) 2026-njy ýylda dzýudo boýunça dünýä çempionatynyň Bakuwda (Azerbaýjan) geçiriljekdigini mälim etdi. Geljek ýyl ýaryşy Wengriýa, 2027-nji ýylda bolsa Gazagystan kabul eder. Şu ýyl dzýudo boýunça dünýä çempionaty Abu-Dabide (BAE) geçirildi. Ýaryşa dünýäniň 109 ýurdundan 675 türgen gatnaşdy, şolardan 355-isi erkek, 320-si zenan türgen boldy. Abu-Dabidäki dünýä çempionatynyň jemi boýunça toparlaryň medal sanawynda birinji orny dört altyn, bir kümüş we bäş bürünç medal bilen Ýaponiýanyň milli ýygyndysy eýeledi. Ikinji orunda iki altyn, bir kümüş we iki bürünç medal bilen Gruziýa ýerleşdi. Üçlügi iki altyn, bir kümüş we bir bürünç medal gazanan Italiýa topary jemledi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir