Sotheby’s auksion öýi onlaýn auksionyň geçiriljekdigini we onda meşhur basketbolçy Maýkl Jordanyň zatlarynyň hödürlenjekdigini habar berdi. 23-nji oktýabrdan 4-nji noýabr aralygynda umumy bahasy 10 mln dollardan gowrak bolan bäş haryt satuwa çykarylar diýip, Barron’s ýazýar. Esasy lot Jordanyň 1996-1997-nji ýyllarda MBA-nyň çempionlyk möwsüminde “Çikago Bullzyň” düzüminde geýen gyzyl maýkasy bolar. Onuň deslapky bahasy 4-6 mln dollara barabar. Bu basketbolçynyň şol möwsümde geýen iki gyzyl maýkasynyň biri bolup, onuň karýerasynda iň ähmiýetlilerinden biri hasaplanýar. Auksionyň maglumatlaryna görä, maýka klub tarapyndan satylany bäri şahsy elde boldy, bu bolsa Jordanyň ýadygärlik zatlary üçin seýrek ýagdaýdyr. Adatça, şeýle predmetlere eýeçiligiň taryhyny yzarlamak örän kyn. Şeýle-de, satuwa “Dream Team” toparynyň agzalarynyň awtografy bolan ABŞ-nyň baýdagy çykarylar, bu baýdak bilen Jordan 1992-nji ýylyň Olimpiadasynda eşigindäki Reebok logotipiniň üstüni ýapdy. Reebok “Dream Team-iň” hemaýatkäridi, oýunçynyň özi bolsa Nike bilen hyzmatdaşlyk edýärdi. Bu baýdagy azyndan 1 mln dollara satmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, möhüm harytlaryň arasynda 1988-1989-njy we 1998-nji ýyl möwsümlerindäki maýkalar bar. Olar, degişlilikde, 2 mln dollar we 0,8-1,2 mln dollar bilen bahalandyrylýar. Mundan öň, Sotheby’s şu ýyl Jordanyň alty jübüt oýun krossowkasy üçin 8 mln dollar alypdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir