Transfermarkt internet portaly tarapyndan Ispaniýanyň La Ligasyndan birnäçe oýunçynyň bazar bahalarynyň aralyk täzelenmesinden soň, Madridiň “Realynyň” hüjümçisi Winisius Žunior “Mançester Sitiniň” oýunçysy Erling Holand bilen birlikde dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy. Oýunçylaryň ikisiniň-de bahasy 200 mln ýewro deň diýip, “Çempionat” habar berýär. “Transfermarkt” portalynyň hasaby boýunça dünýäniň iň gymmat 10 oýunçysy: Erling Holand (“Mançester Siti”) – 200 mln ýewro; Winisius Žunior (Madridiň “Realy”) – 200 mln ýewro; Jud Bellingem (Madridiň “Realy”) – 180 mln ýewro; Kilian Mbappe (Madridiň “Realy”) – 180 mln ýewro; Lamin Ýamal (“Barselona”) – 150 mln ýewro; Filip Foden (“Mançester Siti”) – 150 mln ýewro; Bukaýo Saka (“Arsenal”) – 140 mln ýewro; Florian Wirs (“Baýer”) – 130 mln ýewro; Jamal Musiala (“Bawariýa”) – 130 mln ýewro; Federiko Walwerde (Madridiň “Realy”) – 130 mln ýewro.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir