“Barselonanyň” hüjümçisi Lamin Ýamal Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde onluk belgini alar. Luis de la Fuenteniň topary Milletler ligasynyň çäklerinde 12-nji we 15-nji oktýabrda Daniýanyň we Serbiýanyň toparlaryna garşy oýnar. “Barselonanyň” 17 ýaşly oýunçysy meýdança ozal Dani Olmo degişli bolan 10-luk belgi bilen çykar. Ýarymgoragçy şikes sebäpli ýygyndynyň düzümine goşulmady. Bu barada Ispaniýanyň milli toparynyň metbugat gullugy habar berýär. Öň, bu belgide Ispaniýanyň milli ýygyndysy üçin Raul Gonsales, Sesk Fabregas, Isko, Týago Alkantara, Santi Kasorla we Hose Antonio Reýes ýaly belli oýunçylar çykyş etdi. Belläp geçsek, häzirki möwsümde Lamin Ýamal ähli ýaryşlarda “Barselona” üçin 11 oýna gatnaşyp, öz hasabyna 5 gol we 5 netijeli geçirim ýazdy.