Belli futbolçy Ronaldinýo Greenville Triumph amerikan futbol klubunyň eýeleriniň biri boldy. Ol ABŞ-nyň üçünji diwizionynda çykyş edýän bu klubuň paýnamalarynyň bir bölegini satyn aldy. Şertnama Nýu-Ýorkuň gazna biržasynda baglaşyldy diýip, sport24.ua habar berýär. “Ronaldinýonyň gatnaşmagy diňe bir klubumyzyň abraýyny artdyrman, eýsem oýunçylary, janköýerleri we tutuş jemgyýetimizi ruhlandyrar” – diýip, toparyň prezidenti Jo Erwin bu hyzmatdaşlyk barada teswir berdi. Ýatlap geçsek, Ronaldinýo 2018-nji ýylda futbol karýerasyny tamamlady. Ol klub derejesinde “Gremio”, “PSŽ”, “Barselona”, “Milan”, “Flamengo”, “Atletiko Mineýro”, “Keretaro” we “Fluminense” üçin çykyş etdi. Braziliýaly Ispaniýanyň iki gezek çempiony, Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, Italiýanyň çempiony hem-de Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2002-nji ýylyň dünýä çempionydyr. Ol 2005-nji ýylda dünýäniň iň gowy oýunçysy üçin “Altyn top” baýragyny aldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir