“Barselonanyň” 17 ýaşly wingeri Lamin Ýamal Adidas-yň täze ýüzi bolar. Ispaniýaly futbolçy 2024-nji ýylyň fewralynda sport eşikleri we aýakgap öndürijisi bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşdy diýip, Footy Headlines ýazýar. Çeşmäniň berýän habaryna görä, Adidas-yň ýolbaşçylaryny Ýamalyň çykyşy haýran galdyrdy. Kompaniýa ony brendiň ýüzi etmek kararyna geldi. Ispaniýanyň ýygyndysynyň futbolçysynyň öz butsylar hatary, şeýle hem Lionel Messiniňki, Jud Bellingemiňki we beýleki ýyldyzlaryňky ýaly şahsy logotipi bolar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir