Taýwanyň Foxconn korporasiýasy Meksikada GB200 superçiplerini ýygnamak üçin dünýäde iň uly zawody gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň wise-prezidenti Benjamin Tingiň beýanyna salgylanyp, Reuters habar berýär. GB200 çipleri Nvidia-nyň sargydy boýunça işlenip taýýarlanar we emeli aň ulgamlary üçin niýetlenen täze nesil Blackwell grafiki prosessorlarynda ulanylar. Tingiň aýtmagyna görä, şeýle çiplere bolan global isleg barha artýar we bu hem uly göwrümli önümçiligiň zerurdygyny görkezýär. Şeýle-de, ol täze zawodyň önümçilik kuwwatynyň bu islegi kanagatlandyryp biljekdigini belledi. Foxconn ilkinji GB200 çipleriniň 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde birnäçe milliard dollar girdeji getirmegine garaşýar. Oktýabr aýynyň başynda kompaniýa 57 mlrd dollar möçberde rekord çärýek girdejisi barada hasabat berdi, bu hem korporasiýanyň çiplerine we beýleki önümlerine islegiň ýokary bolmagy bilen baglanyşdyrylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir