OpenAI kompaniýasy üçünji tarap işläp düzüjileri üçin emeli aň (AI) esasly ses programmalarynyň döredilmegini aňsatlaşdyrjak täze gurallary hödürledi. Indi OpenAI dil modellerine esaslanýan ses çözgütlerini döretmek üçin ýekeje görkezme toplumyny ulanmak ýeterlik bolar diýip, 3DNews habar berýär. Kompaniýanyň täze guraly sesi tekste öwürmegi, buýruklary seljermegi we jogaplary döretmegi, soňra bolsa jogaplary sese öwürmegi öz içine alýan ses kömekçilerini döretmek prosesini kämilleşdirýär. Şeýle hem OpenAI, emeli aň tarapyndan döredilen jogaplaryň hilini ýokarlandyrjak uly dil modelleriniň jikme-jik sazlanmagy üçin mümkinçilikleri hödürledi. Bu proses wizual maglumatlara düşünmegiň takyklygyny ýokarlandyrmak üçin suratlaryň ulanylmagyny öz içine alyp biler. Görkezilen gurallaryň hemmesini OpenAI-yň çäkli mukdardaky müşderileri synagdan geçirýärler.