McLaren kompaniýasy brendiň taryhynda iň kuwwatly model bolan täze W1 flagman giperkaryny hödürledi. Bu barada Trashbox.ru habar berýär. Awtomobil 929 at güýjüni berýän 4,0 litrlik V8 benzin hereketlendirijisi bilen kuwwaty 346 at güýji bolan elektromotory utgaşdyrýan gibrid güýç gurluşyna eýe boldy. Bu oňa tizligini sagatda 350 km çenli artdyrmaga we 2,7 sekuntda 100 km/sag tizligine ýetmäge mümkinçilik berýär. Ikinji “ýüzlüge” 5,8 sekuntda ýetilýär. McLaren W1 “Formula 1-iň” tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen MCLA platformasynda guruldy. Aerocell uglerod-plastik monokoky we Push-rod asgyjy awtomobiliň 1399 kg agramynda ýokary berkligi üpjün edýär. Şol bir wagtyň özünde, batareýanyň sygymy agramy azaltmak üçin kiçeldildi we giperkar elektrik tirkegde bary-ýogy 2 km geçip bilýär. Awtomobil Apple CarPlay bilen Android Auto-ny goldaýan 8 dýuým ekranly mediaulgam hem-de 2,5 mm galyňlykda Günden goraýjy gaşlar bilen enjamlaşdyryldy. Ýük goýulýan ýer ortaça ölçegli bir torbany goýmak üçin niýetlenendir. McLaren W1-den jemi 399 nusga çykarylar we olaryň hemmesi eýýäm 2,1 mln dollardan başlaýan baha bilen satyldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir