Ford Toyota markaly awtoulagyň eýelerini özüne çekmek üçin täze mahabat kampaniýasyny yglan etdi. Onuň şertlerine görä, Toyota-nyň islendik modeliniň eýeleri, öndürilen ýylyna ýa-da awtoulagyň görnüşine garamazdan, Ford Bronco kysymly ulag satyn alsalar, 2000 dollara çenli bonus alyp bilerler diýip, CarBuzz ýazýar. Aksiýa 1995-nji ýyldan soň satyn alnan sedanlara, pikaplara we Toyota-nyň beýleki modellerine degişlidir. Gyzykly tarapy, öňki şuňa meňzeş aksiýalardan tapawutlylykda, häzirki aksiýa Ford Bronco-nyň gönüden-göni bäsdeşi bolan awtoulaglaryň (krossowerleriň) eýelerine gönükdirilen däl. Bonusy almak üçin Toyota-nyň islendik modeliniň, şol sanda sedanlaryň ýa-da pikaplaryň eýesi bolmak ýeterlik. Ýeke-täk şert - awtoulag 1995-nji ýyldan öň satyn alnan bolmaly däl. Şol bir wagtyň özünde, müşderilerden Toyota awtoulaglaryndan dynmak talap edilmeýär. Aksiýa 2025-nji ýylyň 2-nji ýanwaryna çenli dowam eder we ABŞ-nyň diňe käbir ştatlarynda hereket eder. Mundan başga-da, aksiýa iň naýbaşy modeli bolan Ford Bronco Raptor-a degişli däldir. Şu ýylyň başynda Ford Jeep-iň eýeleri üçin 500-den 1000 dollar aralygynda arzanladyş hödürläp, şuňa meňzeş aksiýa geçirdi. Mundan başga-da, kompaniýa gar adamy gözlemek üçin ýörite döredilen özboluşly Bronco ulagyny utuşa goýmagy meýilleşdirýär.