Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdepleri Türkmenistandan dalaşgärlere 2025-2026-njy okuw ýyllary üçin 500 okuw kwotasyny bölüp berdi. Bu barada RF-niň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeniýet, ylym we bilim bölümine salgylanýan ORIENT habar berdi. 7-nji oktýabrda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde talyp hakly ýerler üçin dalaşgärleri seçip almak işi başlanýar. Bu maksatnama türkmen dalaşgärlerine belli rus ýokary okuw mekdeplerinde mugt ýokary bilim almaga mümkinçiligini berýär. Munuň özi, ýaşlaryň mümkinçliklerini artdyrmak bilen bir hatarda, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky bilim ulgamyndaky gatnaşyklarynyň berkidilmegine hem şert döredýär. Häzirki wagtda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde 30 müňe golaý türkmen talyplary bilim alýar. Russiýada talyp hakly bilim alýan türkmen talyplarynyň arasynda ykdysadyýet, lingwistika, hukuk, bejeriş işi, menejment we programma inženeriýasy ýaly ugurlar has meşhurdyr. Şeýle-de Türkmenistan we Russiýa bilelikdäki Rus-türkmen uniwersitetini döretmek baradaky meseleleriň üstünde işleýär.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir