Meşhur ispan futbolçysy Andres Inýesta karýerasyny tamamlaýandygyny habar berdi. 40 ýaşly ýarymgoragçy öz tälimçileri bilen düşen wideoroligini X sosial media ulgamynda ýerleşdirdi. Onda Pep Gwardiola, Luis de la Fuente, Wisente Del Boske, Luis Enrike we Lui wan Gal ýaly meşhurlar ýarymgoragçy bilen işländikleri barada aýdýarlar. Şeýle-de, wideo Inýestanyň kakasy hem gatnaşdy. Andres Inýesta karýerasynyň köp bölegini “Barselona” üçin oýnap geçirdi. 1996-2018-nji ýyllarda katalon klubunyň düzüminde bolmak bilen, ol ähli ýaryşlarda uly topar üçin 674 oýna gatnaşyp, 57 gol geçirdi we 136 gezek netijeli pas berdi. Kataloniýa klubundan soň Inýesta Ýaponiýanyň “Wissel Kobe” toparynda oýnady hem-de 134 oýunda 26 gol saldy we 25 gezek netijeli pas berdi. Inýestanyň soňky kluby “Emireýts”(BAE) bolup, 23 oýunda 5 gol geçirdi. “Barselonanyň” düzüminde Inýesta dört gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy, dokuz gezek Ispaniýanyň çempiony boldy we alty gezek Ispaniýanyň kubogyny aldy. Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde ýarymgoragçy 2010-njy ýylda dünýä çempiony boldy we iki gezek - 2008 we 2012-nji ýyllarda Ýewropa çempionatynda ýeňiji boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir