Meşhur aktrisa Anjelina Joliniň 1958-nji ýylda çykan Ferrari 250 GT kupesi Christie’s auksionyna çykarylar. Awtomobil 20-nji noýabrda Parižde “The Exceptional Sale” auksionynyň lotlarynyň biri bolar diýip, nachedeucom portaly habar berýär. Hünärmenleriň hasaby boýunça, onuň bahasy 660-880 müň dollar aralygynda üýtgär. Pininfarina kuzowyny alan Ferrari 250 GT Pariž awtosalonynda hödürlendi we ol seýrek nusga hasaplanylýar. Bu modelden jemi 353 birlik çykaryldy – satuwa çykan Ferrari bolsa hasap boýunça 11-njidir. Awtomobil 240 at güýjüni berýän 3 litrlik Colombo V12 hereketlendirijisi we 5 basgançakly mehaniki transmissiýa bilen üpjün edildi. Auksion öýüniň maglumatlaryna görä, awtomobil öz asyl hereketlendirijisini saklap galdy, ýöne 1978-nji ýylda reňkini üýtgeden bolmagy “mümkin”. Üýtgeşmeler interýere-de täsir etdi – ilkibaşdaky gara salon gyzyl bilen çalşyryldy. Odometr 64 224 milýany görkezýär, ýöne menzil baradaky maglumatlar tassyklanmady. Christie’s aktrisanyň bu awtomobile näçe wagtlap eýeçilik edendigi we ony ulanandygy ýa-da ýokdugy barada maglumat bermeýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir