Hindistanda öndürilen Nissan Magnite subkompakt krossoweri bazarda üç ýyl hereket edenden soň, restaýling edildi (durky täzelendi). Çennai zawody modeliň ruly çep tarapdaky görnüşini hem öndürip başlar. Bu bolsa ulagyň satuw geografiýasyny 18-den 65 ýurda çenli giňelder diýip, Carscoops habar berýär. Awtoulag has giň radiator gözenegini we täzeden işlenen bamper aldy. Gündiz işleýän yşyklar we çyralar täzelendi, täze reňkli korpus we 16 dýuýmlyk garyndy tekerler goşuldy. Krossoweriň ýerden beýikligi 205 mm we Renault Triber we Kiger modellerinde hem ulanylýan CMF-A+ platformasynda gurulýar. Kapotyň aşagynda 72 at güýji bolan benzinli (atmosfera) we 101 at güýji bolan (turbo) görnüşli hereketlendirijiler bar. Esasyda ikisi hem 5 tizlikli el bilen geçiriş bilen birleşdirilýär, birinjisi üçin opsiýa hökmünde ýönekeý “robot”, ikinjisi üçin bolsa X-Tronic CVT elýeterdir. Magnite-niň standart enjamlaşdyrylyşynda 7 dýuým displeýli sanly dolandyryş paneli, 8 dýuým ekranly media ulgamy hem-de Android Auto we Apple CarPlay simsiz interfeýsleri, howa-gözegçiligi, ýagtylyk datçigi we awtomatik garalýan aýna hödürlenýär. Eýýäm 6-nyň bazasyna howa ýassygy, ESP we üç nokatly howpsuzlyk kemeri girýär. Täzelenen krossoweriň bahasy 7,130 dollardan 13,685 dollara çenli üýtgeýär.