Xiaomi Redmi Note 14 Pro+-nyň çykan ilkinji hepdesinde 2024-nji ýylda Android smartfonlarynyň arasynda iň gowy satuw netijesini görkezendigini mälim etdi. IXBT portalynyň bellemegine görä, baha görkezijilerine garamazdan, smartfon ähli modellerden öňe geçdi, ýöne satuwyň möçberi barada anyk maglumatlar aýan edilmedi. Islegiň ýokarydygy sebäpli, Xiaomi enjamyň ilkinji alyjylary üçin bonus programmasyny uzaltmak kararyna geldi. Ilkibaşda bonuslar 7-nji oktýabra çenli hereket etmelidi, ýöne indi olar 14-nji oktýabra çenli elýeterli bolar. Bonus bukjasyna “595 ýuana deň bolan möçberde hil kepilligi” girýär. Oňa ekran zaýalansa bir ýyl kepillik, yzky panel üçin bir ýyl kepillik, suwda zaýalansa bir ýyl kepillik, batareýa üçin bäş ýyl kepillik we haýsydyr bir mesele ýüze çyksa, 365 günüň içinde smartfony abatlamagyň ýerine çalyşmagy öz içine alýar.