Samsung-yň SmartThings programmasynyň täzelenmesi Günorta Koreýa kompaniýasynyň smartfonlarynyň käbir modellerinde uly bökdençlikleriň döremegine sebäp boldy. TechSpot-yň habar bermegine görä, enjamlaryň tükeniksiz täzeden ýüklenmegi (perezagruzka) görnüşinde ýüze çykýan bu mesele barada dünýäde müňlerçe ulanyjy habar berdi. Bu mesele Galaxy S10, Galaxy S10e, Galaxy S10 +, Galaxy S10 5G, Galaxy Note10, Galaxy Note10 +, Galaxy Note10 + 5G, Galaxy M51 we Galaxy A90 ýaly smartfonlara degişlidir. Mesele diňe Android 12 esasly smartfonlara täsir etdi. Android 13 we has täze wersiýalary ulanýanlar üçin beýle howp ýok. Bökdençlikler beýleki Samsung enjamlaryny dolandyrmak üçin zerur täzelenmeden soň ýüze çykdy. Meseleler ABŞ, Günorta Koreýa, Singapur, Awstraliýa we Fransiýa ýaly ýurtlarda hasaba alyndy. Meseläni çözmek üçin edilen synanyşyklary şowsuz boldy. Bu usul ähli ulanyjylarynyň maglumatlarynyň ýitmegine sebäp bolar, bu bolsa suratlaryny we wideolaryny ýitirjek ulanyjylary alada goýýar. Samsung-yň bu meseläni boýun alandygy, oňaýsyzlyk üçin ötünç sorandygy we bu meseläni çözmekde kömek üçin kompaniýanyň iň golaýda ýerleşen hyzmat merkezine ýüz tutmagy maslahat berendigi habar berildi. Kompaniýanyň düzedilen täzelenmäni çykarandygy bellendi, ýöne onuň enjamlary ýükläp bilmeýän ulanyjylara haýry degmedi.