4-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, baýramçylygyň öňüsyrasynda, 9 — 12-nji oktýabrda: Aşgabat şäherinde Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleri; Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana; Mary şäherinde Mary welaýatynyň hem-de Mary şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň edara binalary dabaraly açylyp ulanmaga berler Şeýle hem “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat geçiriler. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde zähmetde tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerine döwlet sylaglary gowşurylar. Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ulanmaga beriljek häzirki zaman saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir