Intel prosessorlaryna esaslanýan käbir ulgamlar üçin Windows 11 24H2 täzelenme wersiýasyny, ses draýwerleri we oýunlar bilen baglanyşykly ýüze çykarylan meseleler sebäpli, gurnamagy çäklendirdi diýip, Bleeping Computer -e salgylanýan 3Dnews habar berýär. Esasy mesele ulgamyň çökmegine we “ekranda bökdençlik habarynyň” çykmagyna sebäp bolýan Intel Smart Sound Technology (SST) bilen ylalaşmazlykdy. Bu 11-nji nesil Intel Core prosessorlary hem-de 10.29.0.5152 we 10.30.0.5152 wersiýalary bolan Intel SST draýwerleri bolan enjamlara degişlidir. Kompaniýa şeýle ulgamlarda täzelenmäniň gurulmazlygy üçin ýörite howpsuzlyk kesgitleýjisini goşdy. Microsoft mesele çözülýänçä täzelenmäni Media Creation Tool ýa-da Windows Installation Assistant arkaly gurmazlygy maslahat berýär. Ulanyjylar “Windows-yň täzelenme merkezi" arkaly draýwerleri täze wersiýalaryna täzeläp, meseläni çözüp bilerler. Mundan başga-da, Windows 11 24H2 gurlandan soň, käbir ulanyjylar Asphalt 8: Airborne ýaly oýunlar, şeýle hem Easy Anti-Cheat programmasyna laýyk gelmezlik bilen baglanyşykly kynçylyklary başdan geçirýärler. Bu hem ulgamda ýalňyşlyklaryň we näsazlyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Microsoft bu meseleleri çözmegiň üstünde işleýär we olar çözülýänçä täzelenmeden saklamagy maslahat berýär. “Eger Media Creation Tool-yň üsti bilen Windows 11-iň 24H2 wersiýasyny gurnamaga synanyşsaňyz we enjamyňyzda gabat gelmeýän draýwerler bar bolsa, enjamyňyzyň Windows-yň bu täze wersiýasyny gurmaga taýyn däldigini görkezýän açylan habar alarsyňyz” – diýip, kompaniýa mälim etdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir