2024-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Bonhams auksionynda Apple-iň iň gymmat we iň seýrek kompýuterleriniň biri – Macintosh-yň M0001 belgili prototipi ýene-de satuwa çykarylar. Bu kompýuteriň aýratynlygy, onuň 1984-nji ýyllarda çykarylan tapgyrlaýyn Macintosh modellerinde ulanylmadyk 5,25 dýuým Twiggy (FileWare) disk okaýjysy bilen üpjün edilmegidir. Prototip eýýäm 2019-njy ýylda Bonhams auksionynda rekord goýdy, şol wagt ol 150 075 dollara satyldy we bu ony auksionda satylan iň gymmat Apple kompýuterine öwürdi. Bu gezek hünärmenler ony 80 000 – 120 000 dollar bilen bahalandyrýarlar. Deňeşdirmek üçin, Stiw Jobs we Jef Raskin tarapyndan gol goýlan Macintosh 128K esasy platasy 132 049 dollara, Jobs tarapyndan Next kompaniýasynda ulanylan Macintosh SE kompýuteri bolsa 126 375 dollara satyldy. Gyzykly ýeri, Macintosh-yň Twiggy disk okaýjysy bolan tapgyrlaýyndan öňki wersiýalary ygtybarsyzlygy sebäpli Stiw Jobsuň buýrugy bilen ýok edildi. Ýöne M0001 prototipi MacWrite programmasyny işläp düzüjiler tarapyndan halas edildi. 2014-nji ýylda kompýuter Mac-yň 30 ýyllygy mynasybetli görkezilip, Stiw Woznýak we Macintosh-yň işläp düzüjiler toparynyň birnäçe agzasy tarapyndan işledildi we ulanyldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir